Télécharger Imprimer la page

Philips Sonicare ProtectiveClean 4700 Serie Mode D'emploi page 546

Publicité

Les langues disponibles
  • FR

Les langues disponibles

  • FRANÇAIS, page 142
546
Türkmençe
Giriş
Möhüm howpsuzlyk maglumaty
Duýduryşlar
Philips Sonicare maşgalasyna hoş geldiňiz!
Bu diş çotgasy has kämil daş aýyrmaklygy, has akja dişleri
we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik
sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip,
subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly,
her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn
bolup bilersiňiz.
Goşmaça goldaw we önüm bellige almak şu saýtda
elýeterlidir: www.philips.com/support
Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň.
Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny
ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň
hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry
ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
-
Zarýadnikleri we ultramelewşe dezinfektory suwdan
uzakda saklaň.
-
Arassalanyňyzdan soň, zarýadnigi we/ýa-da
dezinfektory diwar rozetkasyna dakmazdan öň doly
guradyň.
-
Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde
ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz
ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli
howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki,
duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we
bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar
gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we
ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş
işlerini geçirmeli däl.
-
Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
-
Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş
materiallaryny ulanyň. Diňe önümiň ýany bilen berlen
zarýadnigi ulanyň. Eger berlen bolsa, diňe original USB
kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny ulanyň.

Publicité

loading